Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
17 Few
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň maslahatçysy Nikolas Kawellero hem-de dolandyryjysy Dewid Sulaberidze bilen duşuşyk geçirildi.     Duşuşykda myhmanlar maksatnamanyň göz öňünde tutýan wezipeleri, onuň çäginde alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Hususan-da bu maksatnamanyň esasy aýratynlygy Strategiki harytlaryň bikanun dolanşygynyň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Bu ugurda döwletleriň kanunçylyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi barada nygtaldy.      Duşuşygyň ahyr...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
16 Few
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň başlygynyň orunbasary Asadolla Hadi Nežadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Taraplar iki döwletiň gümrük işi babatda kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgeşmeler babatynda birek-birege habar bermek bilen bagly meseläni, şonuň bilen birlikde kanun bozulmalaryň öňüni almak, maglumat alyşmak ulgamyny kämilleşdirmek barada ara alyp maslahatlaşdylar.  Hoşlaşanlarynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Merkezi Aziýadaky Wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
17 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Merkezi Aziýadaky Wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Merkezi Aziýadaky Wekilhanasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň-Bütindünýä gümrük guramasynyň Maksatnamasynyň» utgaşdyryjysy Batyr Geldiýew bilen duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda myhman we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Maksatnamanyň» çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada pikir alyşdylar. Aýratyn-da duşuşykda maksat...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
17 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada taslamalaýyn Ylalaşyga gol çekildi.  Bu günki Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda   BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Witaliý Wremiş we administratiw we maliýe meseleleri boýunça menejeri hanym Meri Rizaýewa bilen geçirilen duşuşygyň esasy maksady «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ul...

DOWAMY
Işe täze kabul edilen harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy boýunça okuw kursy tamamlandy
2 Dek
Işe täze kabul edilen harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy boýunça okuw kursy tamamlandy

2017-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilip, hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen harby gullukçylaryň okuwy tamamlandyklary barada güwänamalary gowşurmak boýunça dabara geçirildi.     Hünär taýýarlygy boýunça kursuň okuw meýilnamasynda diňe bir umumy we amaly sapaklaryň geçirilmegi däl, eýsem onda tapgyrlaýyn barlag sapaklary göz öňünde tutulan. Iki aýlyk okuw kursy jemleýji synag bilen tamamlanýar. Synagyň netijesi boýunça alnan ýokary baha Türkmenistanyň gümrük edaralarynda gullugy dowam etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Da...

DOWAMY
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýi bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşuşyk geçirildi
15 Noý
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýi bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A. Osmanow we Gullugyň wezipeli işgärleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow gatnaşdy. Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «ASYCUDA world» taslamasyny ornaşdyrmak boýunça geljekde alnyp baryljak işler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de Birleş...

DOWAMY