Gümrük habarlary

Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi
5 Dek
Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi

Himiýa senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, ol mineral dökünleri öndürýän kärhanalary döretmek arkaly oba hojalygynyň önümçiligini güýçlendirmek zerurlyklaryna esaslanýar. Döwletimiziň gülläp ösýän döwründe, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa pudagy üçin öňe süren wezipelerini üstünlikli amala aşyrymagy bilen, häzir...

DOWAMY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda
4 Dek
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda

Mähriban Watanymyz – Türkmenistan bu gün bütin dünýäde hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýeke-täk döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň  (BMG) Kararnamasy bilen ykrar edilen dünýädäki ilkinji, şol bir wagtda bu Kararnamany öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir.  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňisyrasynda saýtymyzyň okyjylaryna hem-de dünýäniň gümrük jemgyýetçiligine Türkmen Bitaraplygy barada habar bermegi makul bildik.   Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Komstitusiýamyzyň 2-nji maddasy kesgitleýär....

DOWAMY
“Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär
27 Noý
“Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň uly tapgyry öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ösen senagat önümçiligiň mesgenine öwrülýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär, şonuň netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňelýär. “Bagtly Zamana” hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýyldan bäri ýok...

DOWAMY
Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar
21 Noý
Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Ahal welaýatynyň senagat pudagynyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrmagyny gazanmak, sebitinde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyndan ugur alyp «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti öz ýurdymyzda öndürilýän çig malyndan hojalyk harytlaryna degişli bolan özüniň ýokary hilli plastmas we polietilen önümlerini öndürip kärhananyň agzybir işgärleri bilen halal zähmet çekip gelýär. Kärhananyň esasy...

DOWAMY
Üstünlikli geçen futbol duşuşygy
16 Noý
Üstünlikli geçen futbol duşuşygy

Häzirki wagtda Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary örän gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyçylygy mynasybetli badalga berilen bu bäsleşik sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň futbol toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Bije esasynda geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hasabyna utuş bilen tamamlandy.  Häzirki wagtda çekeleşikli dowam edýän bu sport bäsleşigi uly ruhubelentlige besle...

DOWAMY
«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy
12 Noý
«Şatumar» ýokary hiliň we elýeter bahanyň sazlaşygy

Türkmenistanda hususy ulgamyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe telekeçileriň daşary ýurtly önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde öndürýän önümleriniň hil derejesi ýokarlanyp, olaryň görnüşleri barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şatumar» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri halkymyzyň durmuşda gündelik ulanýan ýuwujy we arassalaýjy serişdelerini öndürip, ilatyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. «Şatumar» hususy kärhanasy öz işine 2009-njy ýylda gap ýuwuj...

DOWAMY