Gymmat bahaly metallardan bolan döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň TERTIBI

1.    Gymmat bahaly metallardan bolan döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Şu Tertip gymmat bahaly metallardan ýasalan ýa-da düzüminde gymmat bahaly metallar bolan Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny - ordenleri, medallary we hormatly atlaryň nyşanlaryny (mundan beýläk - döwlet sylaglary) Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
2.    Şu Tertipde gymmat bahaly metallar diýlip islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky: çig maldaky, erginlerdäki, ýarym taýýar önümlerdäki, senagat önümlerindäki, himiki birleşmelerindäki, önümlerdäki, demir böleklerindäki galyndylardaky altyn, kümüş, platina we platina toparynyň metallaryna (palladiy, iridiy, rodiy, ruteniy, osmiy) (mundan beýläk - Gymmat bahaly metallar) düşünilýär.
3.    Şu Tertip gymmat bahaly metallar bilen daşy örtülen (çaýylan), emma olaryň düzüminde gymmat bahaly metallar bolmadyk döwlet sylaglaryna degişli däldir.
4.    «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň (mundan beýläk - Kanun) 3-nji maddasyna laýyklykda, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin berilýän Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at, Türkmenistanyň ordenleri, medallary we hormatly atlary döwlet sylaglarynyň görnüşleri bolup durýar.
5.    Döwlet sylaglarynyň gymmat bahaly metaldan ýasalandygy olaryň ýazgylary bilen tassyklanylýar.
6.    Döwlet sylaglary bilen sylaglananlar ýa-da olaryň mirasdarlary Türkmenistanyň çäginden daşary gidenlerinde bu sylaglary olaryn kanuny esaslarda özlerine degişlidigini tassyklaýan resminamalaryň esasynda özleri bilen alyp gitmäge haklydyrlar.
7.    Döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamyň özi döwlet sylagyny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidende, onda şu aşakdaky resminamalar bolmalydyr:
daşary ýurt döwletlerine hemişelik ýaşamak maksady bilen gidýänler üçin - hemişelik gidýändigini tassyklaýan resminamalar, ýany bilen alyp gidýän döwlet sylaglarynyň özüne degişlidigini tassyklaýan resminamalar;
daşary ýurt döwletlerine wagtlaýyn gidýänler - ýany bilen alyp barýan döwlet sylaglarynyň özüne degişlidigini tassyklaýan resminamalar.
8. Türkmenistanyň çäginden daşarda wagtlaýyn bolýanlara ýany bilen alyp gidýän döwlet sylaglaryny daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan döwründe alyp gitmäge ýol berilýär.
9. Döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamlaryň mirasdarlary döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidenlerinde, olarda şu aşakdaky resminamalar bolmalydyr:
daşary ýurt döwletlerine hemişelik ýaşamak maksady bilen gidýänlerde - hemişelik gidýändigini tassyklaýan resminamalar, döwlet sylagy bilen sylaglanan miras berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy, döwlet sylagynyň miras berijä degişlidigini tassyklaýan resminamalar, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ýa-da onuň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;
daşary ýurt döwletlerine wagtlaýyn gidýänlerde - döwlet sylagy bilen sylaglanan miras berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy, döwlet sylagynyň miras berijä degişlidigini tassyklaýan resminamalar, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ýa-da onuň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy.
10. Döwlet Sylaglary bilen sylaglanan daşary ýurt raýaty we raýatlygy bolmadyk adam döwlet sylagyny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidende, ýany bilen alyp barýan döwlet sylaglarynyň özüne degişlidigini tassyklaýan resminamalar bolmalydyr.
11. Döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamlaryň mirasdarlary bolan daşary ýurt raýatlygy bolmadyk adamlar döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidenlerinde, döwlet sylagy bilen sylaglanan miras berijiniň ňlüm hakynda şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy, döwlet sylagynyň miras berijä degişlidigini tassyklaýan resminamalar, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ýa-da onuň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy bolmalydyr.
12. Döwlet sylagy Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende, bu döwlet sylagyny alyp gidýän tarapyndan, döwlet sylagy barada gümrük deklarasiýasynda hökmany görkezmelidir.