Habarlar

UNESCAP-yň ştab-kwartirasynda BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin ýörite maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
31 Awg
UNESCAP-yň ştab-kwartirasynda BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin ýörite maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Habar berilişi ýaly, çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň Aral deňzi basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi hakyndaky başlangyjy görkezildi. 2012-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» sammitiniň barşynda eden çykyşynda Aral deňziniň halas edilmegi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň işlenilip düzülmegini teklip etdi. Çykyşda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna wekilçilik edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny hem-de BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin geljekki Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) formatynyň kesgitlenilmegi boýunça öňde duran köptaraplaýyn geňeşmeleriň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.   

Çykyşlar wideo-görkezilişi bilen utgaşdyryldy we ol diňleýjilere Türkmenistan tarapyndan meýilleşdirilýän «BMG-AHHG» formatyndaky köptaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň taýýarlygyna gönükdirilen hem-de BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin geljekki Ýörite maksatnamasynyň deslapky taslamasynyň işe girizilmegi boýunça alnyp barylýan esasy ädimleri beýan etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bangkokda ýerleşen Maslahatlar-merkezinde geçirilen Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň mejlisinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin geljekki Ýörite maksatnamasy hakyndaky hasabat görkezildi.

Mundan başga-da Komitetiň mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary jenap K.Zahedi bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda oňa BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň ilerledilmegi boýunça Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirýän tagallalar hakynda giňişleýin maglumat berildi.