Habarlar

Paýtagtymyzda «Türkmen alabaýy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
16 Sen
Paýtagtymyzda «Türkmen alabaýy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. 

Ägirt uly ylmy materiallary umumylaşdyrmaga esaslanan täze eser döwlet Baştutanymyzyň türkmenleriň buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary barada ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer. Taryhy tejribe, däp-dessurlar ösüş we hereket üçin ygtybarly daýanç, güýç kuwwatyň we özüňe ynamyň çeşmesi bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

“Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär.

2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, “Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Bu neşiriň sahypalarynda alabaýyň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlar bar.

Dabarada Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmen alabaýy” diýen täze goşgusyna döredilen aýdymyň ilkinji gezek ýaňlanmagy hem milli Liderimiziň zehininden kemal tapan sungat eseriniň ynsan ruhuny göterýän gudratdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.