Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe pudaklary ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
4 Okt
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe pudaklary ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

2019-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmagyň möhüm ugurlaryna garamak, amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, elektroenergetika senagatynyň, jemagat hojalygynyň işlerini kämilleşdirmek we senagat toplumynyň önümçilik düzümine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Maslahatda milli ykdysadyýetimiziň ulag we aragatnaşyk düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň artdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiz pudaklary ösdürmek hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda täze işläp taýýarlamalary öňe sürmegiň we degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, munuň üçin häzirki zaman ylmynyň netijeli peýdalanylmalydygyny we önümçiligi ylmy esasda ösdürmelidigini hem-de pudaklary ýaş, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlaşdyrmagyň netijeliliginiň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, esasan-da, aragatnaşyk pudagynyň iň täze ulgamlar bilen üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli emeli hemrasynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna we ikinji emeli hemranyň uçurylmagy bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görülmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa düzümini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiz bularyň ählisiniň, şeýle hem çig mal serişdeleriniň döredijilikli özleşdirilmeginiň hem-de olaryň gaýtadan işlenilmeginiň toplumyň sazlaşykly ösüşini ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara degişli pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.