Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy
30 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň web-saýty habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň we sirk sungatynyň festiwallarynyň abraýly baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalary bilen duşuşmak, alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin ýörite gelendigini aýdyp, olary ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň agzalarynyň türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny, ajaýyp ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerimizi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli at üstündäki oýunlary dünýä ýaýmaga goşýan goşandyny bellemek bilen, “Galkynyş” toparynyň çapyksuwarlaryna öz ussatlygyny kämilleşdirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi, toparyň agzalaryny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny we ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.