Gümrük habarlary

Milli gümrük işi kämilleşdirilýär
26 Dek
Milli gümrük işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşygyň çäginde ýurdumyzyň ähli gümrük edaralarynda harytlaryň elektron deklarirleme tejribesi tapgyrlaýyn işe girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, gümrük üstaşyry ulgamy eýýäm doly işe girizildi, eksporty synag üçin gümrük taýdan resmileşdirmek taslamasy başlanyp, ulgam üstünlikli synagdan geçenden soňra, şu ýylyň 1-nji dekabrdan ähli gümrük düzgünleriniň synag taslamasy işe goýberildi.

Şunuň bilen baglylykda UNCTAD-yň wekilleriniň gatnaşmagynda, Aşgabat şäheriniň gümrük edaralarynda gümrük gözegçileri üçin okuw maslahaty gurnaldy. Bu okuw maslahaty gümrük deklarasiýasynyň berilmeginiň, hasaba alynmagynyň we goýberilmeginiň täze tertibiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamynda gümrük deklarasiýalar bilen işlemek boýunça okuwa gönükdirildi.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň gümrük edaralary «ASYCUDA World» ulgamynda elektron görnüşinde gümrük taýdan resmileşdirmeklige doly geçjekdigini bellemek gerek.