Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda çagalar üçin Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirildi
31 Dek
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda çagalar üçin Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirildi

Köp ýyllyk däp boýunça ýetip gelýän Täze 2020-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edara binasynda Gullugyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň çagalary üçin Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirildi. 

Baýramçylyk dabarasy Aýaz baba we Garpamygyň gatnaşmagynda şadyýan geçdi. Şeýle-de dabara teatryň artistleri hem gatnaşdy. 

Şadyýan gülkiler, degişlemeler, çagalaryň gülküli oýunlary – bu Täze ýyl baýramçylygyna mahsus bolan ýagdaý diňe bir çagalarda däl, eýsem ulylarda hem ýakymly täsirini galdyrdy. 

Körpeler ajaýyp arçanyň daşyndan aýlanyp, şatlykly aýdymlary ýerine ýetirdiler we joşgunly goşgulary okadylar. Şeýlelikde, çagalar Aýazbabanyň sowgatlaryna mynasyp boldular.

Şeýle ajaýyp zamanda ýaşadýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza çuňňur sagbolsunymyzy aýdýarys. Şeýle hem Hormatly Belent Serkerdebaşymyzy we külli türkmen halkyny ýetip gelýän 2020-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.  hemmelere bagt, jan saglyk, mähriban Watanymyza mundan beýläk hem gülläp ösüş arzuw edýäris.