Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
9 Ýan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

8-nji ýanwar güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2015-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.  Döwlet we milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň dowamynda toplumlaýyn çäreler görüldi.  Öz wagtynda geçirilen işleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edildi.  

Hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 104,8  göterim üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. 

2015-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 41,9 milliard manada barabar bolup, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe  ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda hem  ösüş gazanyldy. 

    Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň ulgamyň işini kämilleşdirmekden, düzümlerde ykdysady bähbidi gazanmakdan, başga-da, işiň ilerlemeginde, düzümleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. 

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip. 

    Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 250 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 76 milliard 766,8 million manada deň bolan 21 müň 242 şertnama hasaba alyndy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 16 milliard 543 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 45 milliard 381,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 34 million 927 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. 

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini has-da işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriň eksport kuwwatyny ilerletmek meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem  bar bolan mümkinçiliklere we daşary ýurt bazarlarynyň isleglerine hemmetaraplaýyn baha bermek barada görkezme berip, halkara işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşary ýurt maýasyny çekmek bilen maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

    Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemlemek bilen, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin öz saýlap alan ýoly bilen ynamly  öňe barýar diýip belledi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.