Gümrük habarlary

Deslapdan maglumat bermegiň täze tejribesi
30 Dek
Deslapdan maglumat bermegiň täze tejribesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly ulgamy ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilip, ykdysady ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.



Täze 2020-nji ýylyň öňisyrasynda Gullugyň ýanyndaky hojalyk dolandyryş direksiýasynyň terminal.gov.tm internet sahypasyna birnäçe täze bölümler girizlip durky täzelendi, hususan-da, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumat bermek üçin bölüm bilen üsti ýetirildi.



Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen gümrük serhedinde resmileşdirmegiň wagtyny tizleşdirmäge ýardam edýän deslapdan elektron maglumat alyşmak tejribesinde ýola goýulýar. Deslapdan maglumat alyşmak gümrük amallaryny elektron esasda alyp barmaga, gümrük edaralary bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün etmäge, berilýän kagyz resminamalarynyň we resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagyna mümkinçilik berýär.



Deslapdan elektron maglumat alyşmak Türkmenistanyň gümrük serhedine gelýän harytlar we ulag serişdeleri barada zerur bolan maglumatlary almaga we ony öňünden gümrük edaralaryna geçirmäge mümkinçilik döreýär. Bu elektron maglumatlar internet ulgamy arkaly islendik enjamlaryň üsti bilen ugradylyp we alnyp bilinýär. Deslapky elektron maglumatlarda deklarantlar, berilýän resminamalar, alyjy we daşaýjylar, ulag serişdeleri, ulag kompaniýasy, sürüji, harytlar, olaryň bahalary gümrük edaralary tarapyndan talap edilýän beýleki maglumatlar görkezilýär. Ol maglumatlar ýeke-täk gümrük maglumat ulgamyna berlip, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur elektron resminamany emele getirýär. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhediniň çägine gelende deslapdan berlen elektron maglumatlar esasynda doldurylan degişli resminama tassyklanandan soňra gümrük taýdan resmileşdrime amallary gysga wagtda amala aşyrylýar. Bu bolsa gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň we ýük akymlarynyň möçberleriniň artmagyny, ulag üstaşyr geçelgeleriniň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirýär.



Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçýän häzirki döwründe deslapdan maglumat berilmeginiň ýola goýulmagy, gümrük işiniň has-da kämilleşmeginde, ygtybarly gümrük gözegçiligini alnyp barylmagynda ähmiýetli bolup durýar. Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde gümrük amallarynyň çalt amala aşyrylmagy, gümrük serhedinden geçýän harytlary we ulag serişdeleriniň resmileşdirmegiň wagtlarynyň azalmagy esasy ykdysady görkezijileriň biridir.



Gümrük gullugynyň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga, gümrük işini döwrebaplaşdyrmaga, gümrükçi harby gullukçylaryň durmuş ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarys.