Gümrük habarlary

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi
14 Ýan
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Dmitriý Godunowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Dmitriý Godunow, Türkmenistana sapar bilen çagyrylandygy hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugry, ýagny bu gurama bilen bilelikde ýurdumyzyň gümrük edaralaryna ASYCUDA atly maglumatlar tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gidişi ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu ulgamyň girizilmegi bilen goňşy döwletleriň gümrük edaralary bilen gümrük maglumatlaryny alyşmagyň mümkinçilikleri barada giňden pikir alşyldy. 

Öň habar berilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň gümrük edaralary elektron gümrük deklarirlemek ulgamyna geçdi. Munuň özi ASYCUDA WORLD utgaşdyrylan maglumatlar tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirer.