Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ylmy-amaly maslahat geçirildi
17 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylyna hem-de 14-nji ýanwarda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen halkara maslahatyna bagyşlandy.

Ylmy-amaly maslahata gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginden wekiller gatnaşdy.  

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygyny, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini anyk mysallar arkaly buýsanç bilen bellediler. Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar we anyk ädimler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň düzýär. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy.

Şeýle hem, döwletimiziň daşary syýasatyny amala aşyrýan düzüm birlik hökmünde Döwlet gümrük gullugynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde alyp barýan işleri bellenildi. BMG-niň düzüm birlikleri bolan Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş maksatnamasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň täze derejä çykaryldy. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda «Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin gümrük amallarynyň innowasiýalaryny höweslendirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasyna» gol çekilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Biz döwletimiziň halkara abraýyny beýgeltmekde uly işleri amala aşyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!