Habarlar

Türkmenistan Awstriýada geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
17 Ýan
Türkmenistan Awstriýada geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar

2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Awstriya Respublikasynyň Wena şäherinde ýurduň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolan “Ferien-Messe Wien” öz işine başlady. Bu sergi her ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçirilip, halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlaryny köpçülige ýetiryär, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kärhanalaryň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Döwletimiziň bu sergä gatnaşmagynda we sergini gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanysynyň goldawy ulydyr.

Türkmenistanyň sergide görkezilen bannerlary Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary, UNESCO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girýän taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň  medeniýeti we däp-dessurlary barada maglumatlar bezedi. Ekspozisiýanyň bir bölegini ýurdumyzyň belli taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri we paýtagtymyz Aşgabat barada suratlar, seýle-de döwletimiziň häzirki döwürde ýeten sepgitleri we umuman syýahatçylyk pudagynyň ösüşi barada wideo-roliklar görkezildi.

Türkmen wekiliýetiň Awstriýa iş saparynyň dowamynda sergide öz ýerlerini alan Awstriýanyň, Slowakiýanyň, Çeh Respublikasynyň, Polşanyň we başga-da birnäçe döwletleriň syýahatçylyk kärhanalary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň netijesi hökmünde «Klaus und die Welt Reisebüro», «Off Roadowa» yaly syýahatçylyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekildi we Çeh Respublikasynyň syýahatçylyk ulgamy bilen bolsa türkmen hünärmenlerine hünäri kämilleşdirmek boýunça okuwlary guramaklyk boýunça ylalaşyga gelindi.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar we tomaşaçylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni çäreleri bilen tanyşdyryldylar.

Halkara sergi öz işini 2020-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli dowam eder.