Habarlar

Ahalda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň bilelikde üstünlikli geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýakyp, ýok etmek boýunça çäre geçirildi
15 Ýan
Ahalda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň bilelikde üstünlikli geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýakyp, ýok etmek boýunça çäre geçirildi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň bilelikde üstünlikli geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýakyp, ýok etmek boýunça Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda çäre guraldy. 

    Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler         Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan iri möçberli çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli welaýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, ak gyňaçly eneler we talyp ýaşlar çagyryldy. 

    Çärä gatnaşyäylara dürli ölçegdäki ýörite haltalara gaplanan  neşe serişdeleri görkezildi, isleg bildirýänleriň her biri  öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary 800 – 1000 derejä çenli gyzdyrylan ýörite peçlere okladylar. Ýeri gelende aýtsak, neşe serişdelerini ýakmak boýunça geçirilen nobatdaky çärede ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gatnaşmagynda ele salnan ýurdumyza bikanun getirilen temmäki önümleri bar.