Gümrük habarlary

Ekerançylyk önümleri eksport edilýär
21 Ýan
Ekerançylyk önümleri eksport edilýär

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler hem gowy netijeleri berýär.

 Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Häzirki döwürde esasy wezipe diňe bir içerki bazarlary oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan önümleri getirmegi bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmekden ybaratdyr». Netijede, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

Bu Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynynda hem oba hojalyk önümlerini öndürmek we olary eksport etmek bilen bagly netijeleri işler alnyp barylýar. Welaýatda däneliler maşgalasyna degişli bolan jöweniň esasan ýasmyk,üçaýlyk, gatybaş we altyaýlyk diýen ýerli görnüşleri köp ekilýär. 

Ýakynda, Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň "Diýarbekir" gümrük postundan Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň Gallaçy geňeşliginiň Ruhubelent obasynda ýerleşýän “Kanagatly daýhan” daýhan hojalygy Özbegistan Respublikasynyň  Horezm oblastynyň “Çinbod” kolhozyndaky “XORAZM BALIQ SANOAT ARGO” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetine ilkinji gezek 75 tonna jöweni  eksport etdi. “Kanagatly daýhan” daýhan hojalygy jemi 300 tn jöweni eksport etmegi meýilleşdirýär.