Gümrük habarlary

ABŞ-nyň Köpçülikleýin halas ediş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreş we serhet howpsuzlygy boýunça Merkezi dolandyryş maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk
22 Ýan
ABŞ-nyň Köpçülikleýin halas ediş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreş we serhet howpsuzlygy boýunça Merkezi dolandyryş maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda ABŞ-nyň Köpçülikleýin halas ediş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreş we serhet howpsuzlygy boýunça Merkezi dolandyryş maksatnamasynyň wekili Dewid Maunt we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Dewid Maunt duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin sagbolsun aýdyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi serkerdeligi tarapyndan Türkmenistanda degişli gulluklar üçin himiki, biologiki, radiologik we ýadro ýaraglaryna garşy göreşmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen okuw çäresiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigini habar berdi. 

Duşuşykda bu meýilleşdirilen okuw çäresi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.