Gümrük habarlary

Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.
16 Ýan
Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanyň söwda we raýat flotunyň çalt depginler bilen üsti ýetirilýär. Gelip gowuşýan täze gämiler Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnatmagy hem-de ýük daşamagy artdyrmakda işjeň ulanylýar. 

2014-nji ýylyň dekabr we 2015-nji ýylyň dekabr aýlarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline degişlilikde «Berkarar» we «Bagtyýar» gämileri geldi. Bu döwrebap gämiler ýolagçylary gatnatmaga, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenendir. Täze «Bagtyýar» gämisi hem «Berkarar» gämisi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz menzilinden Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň, Russiýa Federasiýasynyň Olýa portlaryna gatnawlary amala aşyrar. 

Bu ugurlaryň herekete girizilmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogar ýurtlaryna ýükleri daşamakda wagtyň tygşytlanmagyna, haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Deňiz üsti bilen gatnawlaryň ýola goýulmagy Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny we ýük daşalyşyny amala aşyrmaga kuwwatly itergi bermek bilen birlikde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döremeginiň ähmiýetini hem has-da artdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan deňiz ýollary arkaly dünýäniň birnäçe ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Aýratyn hem Azerbaýjan Respublikasynyň üsti bilen Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu hem bolsa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygy boýunça ýokary görkezijileri gazanmakda uly ýardam edýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň deňiz ýollary arkaly umumy haryt dolanyşygy 2014-nji ýyla garanyňda 10 göterim artdy. Bu ýyllarda deňiz ulaglary arkaly daşalan ýükleriň hasabyna Türkmenistan bilen özara söwdanyň möçberi boýunça Horwatiýa, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Birleşen Korollyk, Azerbaýjan Respublikasy we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ilkinjileriň hatarynda durýar. 

2015-nji ýyldan başlap Türkmenbaşy halkara deňiz portundan gatnawlary amala aşyrýan «Berkarar» ýolagçy-ýük gämisiniň doly ýük göterijiligi 2400 tonna barabardyr. Ýylyň dowamynda bu gämi 105 gatnawy amala aşyryp, onda daşalan ýükleriň möçberi 80050,50 tonna, awtoulaglaryň sany 4249 deň boldy, şeýle-de 3683  sany ýolagçy gatnawlary amala aşyrdy. Görnüşi ýaly, deňiz üsti bilen gatnawlaryň ýola goýulmagy Türkmenistanda ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň artmagyna getirdi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda «Bagtyýar» gämisi ilkinji gatnawyny dabaraly ýagdaýda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrdy. Gämi bilen 41 sany ýük awtoulag tirkegi ugradyldy.