Habarlar

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň täze Ilçisi işi başlady
10 Few
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň täze Ilçisi işi başlady

2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi öz ilçihanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.