Habarlar

Milli Liderimiziň beýik maksatlary halkymyzyň jebisliginiň özenidir
17 Few
Milli Liderimiziň beýik maksatlary halkymyzyň jebisliginiň özenidir

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

2012-nji ýylyň fewralynda nobatdaky saýlawlar geçirilip, ýokary raýat işjeňligi, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda halkymyz öz erk-islegini beýan etmek bilen gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygyny has-da ynamly görkezdi.

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň fewralynda biragyzdan gaýtadan saýlanylmagy döwlet Baştutanymyzyň hemme asylly başlangyçlaryny halkymyzyň agzybirlik bilen goldaýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan beýik maksatlaryna ýetmekde doly we mizemez ynamyň ýüze çykmasy boldy.

Üç ýyl mundan ozal, 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda şeýle diýdi: «Ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk!». Bu gün bolsa biz eýýäm şol ägirt uly wezipeleri çözmekde haýran galdyryjy anyk netijeleri görýäris. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işläris. Benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndüreris diýip, milli Liderimiz şonda aýtdy.

Geçen döwürde deňiz ýakasyndaky Gyýanlyda polimer zawody we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod ýaly örän giň gerimli gazhimiýa toplumlary ýurdumyzyň senagat düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu innowasion kärhanalarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda tebigy gaz düýpli gaýtadan işlenilip, dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli önümler çykarylýar.

Döwlet Baştutanymyz şonda, ýagny resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistanyň goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň uly ähmiýeti bellenildi. Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurda köp möçberde girdejileri getirmekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.

Häzir bu transmilli energetiki ugruň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň fewralynda TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen gurlan Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi.

Ýer ýüzünde «mawy ýangyjyň» gury ýerdäki gorlary boýunça birinji orny eýeleýän «Galkynyş» käninden gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň pugtalanmagyna ýardam berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

2018-nji ýylyň fewral aýynyň ortalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy daşary ýurtlara iberilýän önümleriň gerimini giňeltmek boýunça wezipeleri çözmäge sowatly çemeleşmegiň nusgalyk mysalyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda, şeýle hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny goldamaga we ösdürmäge ýardam bermegi öz esasy wezipeleriniň biri hökmünde görýändigini nygtady.

Häzirki wagtda hususy ulgamyň kärhanalaryna iň iri we örän jogapkärli taslamalar ynanylýar. Şol taslamalaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat awtobany, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi boljak ýaşaýyş jaý toplumlary, şäher we obalar bar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki şäheriň binalaryny we beýleki desgalaryny gurmak hem-de inžener-tehniki taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan daşary ýurt önümlerini satyn almaga döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna golaý pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni goldanyp, biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagyny üpjün ederis» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza pugta söz berdi hem-de iş ýüzünde onuň durmuşa geçirilmegini üpjün etdi.

Lukmançylyga öňüni almagyň hem-de bejermegiň barha täze usullary ornaşdyrylýar, ýakynda saglygy goraýşyň edaralar ulgamynyň hataryny artdyrjak ýöriteleşdirilen desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olar Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Halkara estetiki bejeriş merkezi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şypahana hem-de Ahalda, Daşoguzda, Türkmenbaşyda hassahanalardyr.

Hormatly Prezidentimiz öz döwlet işlerinde parasatlylygy, öňdengörüjiligi we pragmatikligi ruhy gymmatly ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ildeşlerimizi täze beýik işlere çagyrýar we ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlary halkymyzyň şeýle kuwwatly goldawyna eýe bolýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýýär. Halkymyz bolsa öz daýanjyny hormatly Prezidentimizde görüp, döwlet Baştutanymyzy hoşallyk bilen Arkadag diýip atlandyrýar.