Habarlar

Aşgabatda Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi
18 Few
Aşgabatda Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed bilen duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi barada bellenip geçildi. Diplomatlar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň oňyn tejribesini bellediler.  

Somaliniň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi bolmak bilen, Jama Abdullahi Muhammed türkmen-somali gatnaşyklaryny durnukly ösdürmekde ähli güýjüni gaýgyrmajakdygy barada aýtdy. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi türkmen tarapyna ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglary hem-de Somali halkyna iň gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.  

Şol gün Ilçi Jama Abdullahi Muhammed Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşurdy.