Habarlar

Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
18 Few
Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Adam söwdasyna garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek ýaly adatdan daşary ýagdaýlar babatda hereket etmek ugrunda bilelikdäki tagallalar barada pikir alşyldy. Tehniki hyzmatdaşlygyň netijeliligi hakynda aýratyn bellenip geçildi.     

Taraplar Türkmenistanyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilleriniň geljekde migrasiýany düzgünleşdirmek çäreleriniň berkidilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine, şol sanda migrasiýa meselelerini praktiki taýdan çözmäge we mätäçleri ynsanperwer kömegi bilen üpjün etmäge gönükdirilen halkara forumlarynda, okuw sapaklaryna işjeň gatnaşýandygy barada aýtdylar. 

Şeýle-de taraplar bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyş prosessine seredip geçdiler hem-de geçen ýylyň dekabrynda tassyklanan Türkmenistanyň Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Milli hereketler Maksatnamasynyň wajyplygy barada belläp geçdiler.