Habarlar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
23 Ýan
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. 

Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelerini işjeňleşdirmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdsady görkezjilerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işer barada hasabat  berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň talaba laýyk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, netijeli çäreleriň geçirilmegi, pul-karz syýasatyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmagy zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini we eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Tutuş sebit ähmiýetli “Türkmenstan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada aýratyn durlup geçildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagy ýaly milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk  gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

TOPH taslamasynyň ägirt uly halkara ähmiýetini belläp, bu taslamanyň sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde oňyn täsiriniň boljakdygyny aýdyp, milli Liderimiz bu desganyň gurluşygynyň taslamasy boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mejlisde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.