Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
20 Few
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. 

Işewür döwlet Baştutanymyza dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma daşary ýurtly işewürler üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de onuň ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

Şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi, şol sanda Diýarymyzda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.