Habarlar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
20 Few
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy, diýip Türkmen Döwlet habarlr gullugy habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigat — ynsanyň ömürlik hemrasy. Hut şonuň üçin hem daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini saklamak ynsan üçin mukaddes borç bolup durýar. Ahalteke bedewleri bolsa paýhasly atşynaslaryň yhlasyndan we türkmen tebigatynyň özboluşly täsirinden kemal bolan milli gymmatlykdyr.