Gümrük habarlary

Serhet we gümrük edaralarynyň wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmegiň çygrynda okuw maslahaty
24 Few
Serhet we gümrük edaralarynyň wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmegiň çygrynda okuw maslahaty

Gullugymyzyň wekilleri 2020-nji ýylyň 11-13-nji fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen serhet we gümrük gözegçiliginiň wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmegiň çygrynda pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA 9) çäklerinde gurnaşly we oňa bu maksatnama gatnaşyjy döwletleriň ählisinden wekiller gatnaşdy. 

Soňky döwürde Finlýandiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa ýaly Ýewropa bileleşigine girýän döwletlerinde serhet we gümrük gulluklarynyň arasynda serhet edaralary öz wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmek usulyny öz işinde giňden ulanýarlar. Okuw maslahatynda çykyş eden Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bellemeklerine görä, bu usul ýolagçylaryň we harytlaryň gümrük serhedinden çalt geçirilmegine hem-de serhet edaralarynyň serişdelerini has netijeli ulanmaga ýardam edýär. Maslahata gatnaşyjylar bu täze usul bilen tanyşyp, onuň oňyn taraplaryny we töwekgelçilikli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Aýratyn hem, bu ugurda pudagara hyzmatdaşlyga, onuň esasy maksatlaryna we hukuk esaslaryna, bilelikdäki gözegçilige, gümrük gözegçilik ýerlerindäki ýüze çykýan meselelere, özara maglumat alyşylmagyna we töwekgelçiligi dolandyrmak meselesine üns berildi.