Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
27 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellenilen Seýed Mohammad Ahmadini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada  gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara peýdaly, deňhukukly we hoşniýetli erk esasynda ýola goýulýan giň möçberli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygy bellenildi. Köpugurly esasda, aýratyn-da, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, nebitgaz toplumynda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we diplomat Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda taraplaryň bozulmaz hoşniýetli erkine we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam  bildirdiler.