Gümrük habarlary

Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrmak meselesine bagyşlanan maslahat
24 Few
Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrmak meselesine bagyşlanan maslahat

Hormatly Prezidentimiz nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň dolandyryş binasynda Gümrükhananyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda  welaýatyň telekeçileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylary, Daşoguz halkara howa menziliniň, Daşoguz welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Daşoguz welaýat Türkmenstandartlary döwlet gullugynyň, Daşoguz welaýat maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň işgärleri, telekeçiler hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar.   

 Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem  bu ugurda telekeçileriň teklipleri we bellikleri diňlenildi.