Gümrük habarlary

1-nji martdan başlap, import we eksport üçin gümrük paçlaryna degişli harytlaryň täze sanawlary girizilýär
29 Few
1-nji martdan başlap, import we eksport üçin gümrük paçlaryna degişli harytlaryň täze sanawlary girizilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri;

Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy.