Gümrük habarlary

Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi
2 Few
Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi

2016-njy ýylyň 27-29-njy ýanwary aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasynyň (CLDP) ýardam etmeginde Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Gün tertibine laýyklykda delegasiýalar gümrük işiniň bellenen ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň taýýarlan çykyşy mejlise gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. 

    Mejlisiň barşynda hünärmen-maslahatçylaryň çykyşlary, şeýle-de Merkezi Aziýanyň gümrük gulluklarynyň işine soňky wakalaryň täsiri barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.