Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
20 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 19-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.



Maslahatda «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ähli ugurlaryny ösdürmek, onuň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.