Habarlar

Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi
23 Mar
Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi

2020-nji ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy, diýip TDH habar berýär.

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän senesi bolan 2020-nji ýylda ýurdumyzda jemi 10 million düýp bag nahallary ekiler.

Hususan-da, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, gyrymsy, miweli bag nahallarynyň hem-de üzümiň 5 milliony ekiler. Diýarymyzyň sebitlerinde hem şonça bag nahallary ekiler. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň ähli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri goşuldy.

* * *

Baharyň ajaýyp pursadynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda agzybirlikli zähmet joşguny döredi. Müňlerçe adamlar uly ruhubelentlik bilen bu asylly çäre goşuldylar.

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi. Şunuň bilen birlikde, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işlerine hem uly ähmiýet berildi. Munuň özi ýaş bag nahallarynyň sazlaşykly ösmeginde we güýç toplamagynda wajypdyr.