Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
25 Mar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady, diýip Türkmenistanyň DIM web-saýty habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Taraplar şeýle-de halkara gün tertibine degişli işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn görnüşde, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň özara hereketleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşdylar.