Habarlar

Hormatly Prezidentimiz söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
25 Mar
Hormatly Prezidentimiz söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 24-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, söwda ulgamynyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridigini belledi. Bu ulgam milli ykdysadyýetde özgertmeleriniň bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde aýratynlyklaryny aýdyň görkezýär. Söwda toplumynyň ösdürilmegi durmuş abadançylygynyň, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň üstünlige eýe bolýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawynyň artýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipe öz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işlerde halkyň hal-ýagdaýy we abadançylygy ykdysady bähbitden ileri tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze, döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz dokma kärhanalarynyň çig mal bilen özümizde doly üpjün edilip, önümleriň taýýar önüm görnüşde çykarylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de şol önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze halyçylyk önümhanalarynyň gurluşygyny üns merkezinde saklamagy, önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy tabşyryp, halyçylykda ene-mamalarymyzdan gelýän dessurlary ornaşdyrmagyň hem-de olary döwrebap derejede kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz onlaýn söwdany ýola goýmagy hem-de sargytlary eltip bermek ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy, munuň özi işleri häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk alyp barmaga mümkinçilik berer.

Döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürip kämilleşdirmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şu işlerde kiçi we orta telekeçilige uly orun degişlidir. Döwlet tarapyndan hususy işewürlige yzygiderli goldaw berilmegi ulgamyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu işleri dowam etmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, iş maslahatyny tamamlady.