Habarlar

Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
26 Mar
Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär

Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmekde täze tehnikalaryň gelip gowşan nobatdaky tapgyry uly ähmiýete eýe bolar. Täze tehnikalar başlanjak ekiş möwsümine daýhanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy, diýip TDH habar berýär.

Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyndan telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary gelip gowuşdy. Häzirki wagtda bu tehnikalar ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylyp başlanyldy. Oba hojalygynda mehanizmleşdirilen işleriň sanly tehnologiýalar we telematik ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usulda işläp bejermäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020 — 2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýurdumyza şu ýylyň mart — aprel aýlarynda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip gowuşar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasy bilen Türkmenistana 600 pagta ýygyjy kombaýnlary getirmek barada täze iri ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň 300-si 2019-njy ýylda gelip gowuşdy, ýene-de 300-si 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsümine çenli gelip gowşar.

«John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman görnüşlerini bankdan karz serişdelerini almagyň hasabyna ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem satyn alyp bilýärler. Hormatly Prezidentimiz telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda degişli Karara gol çekdi.