Habarlar

Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy
27 Mar
Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 25-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar, diýip TDH habar berýär.

Pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektara golaý meýdan taýýarlandy. Bu çözgüt täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki islegleriň artmagy nazara alnyp, kabul edildi.

Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.

Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasyly tabşyrylar.

Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiji gurallaryň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müňden gowragy peýdalanylar.

Şeýle hem şu möwsüme ýurdumyzda ýakynda gelip gowşan täze tehnikalary, hususan-da, ekiji gurallaryny, dünýä belli «John Deere» kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlary çykarmak meýilleşdirildi.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçylar üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi.