Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Eksport önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer «Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de «Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Ätiýaçlandyryş ulgamyny düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy.

Soňra ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara topary döredildi. Şol topar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önüm öndüriji kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli öndürijileri goldamak hem-de höweslendirmek, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenilip taýýarlanylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda heniz ýeterlik öndürilmeýän azyk harytlarynyň içerki bazar üçin zerurlyklary öwrenilip, olary getirmek, ýeterlik gorlaryny döretmek we saklamak hem-de elýeter bahalardan ilatymyza ýetirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Bu pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda onuň düzümi barada teklipler taýýarlanylyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz aýdylan teklipleri makullap, «Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» we «Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.