Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.
2 Few
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.

2016-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda gümrük statistikasyny ýöretmekde milli kanunçylygyň aýratynlyklary, aýry-aýry gümrük düzgünlerinde gümrük statistikasynyň ýörediliş ugurlary, harytlaryň gümrük we statistiki bahasynyň emele gelşi, şeýle hem, gümrük kanunçylygynyň umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen sazlaşygy ýaly meseleler barada özara pikir alşyldy.