Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
28 Mar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtynda pikir alyşmaga hem-de sebit we halkara derejesinde özara hereketleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.

Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, ýokary derejede özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda ileri tutulýan meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.