Habarlar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
30 Mar
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

2020-nji ýylyň 29-nj martynda, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy, diýip TDH habar berýär.



Milli Liderimiziň atlara söýgi bilen garap, olara özüniň boş wagtyny bagyşlap, edebi döredijiliginde ahalteke bedewlerini wasp edişi hemmämize mälimdir.

...Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, Gyratym atly bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi. Şondan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi ýorgalap çapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň atçylyk toplumyndaky iş otagynda täze kitabyny döretmäge girişdi, onda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky çuňňur pikirler öz beýanyny tapar.

Milli liderimiziň her bir kitaby milli medeniýetimiziň taryhy hakynda maglumatlaryň ýygyndysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýän ynsanperwerlik duýgusy hakynda gürrüň berýän eserdir.

Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýazyp başlan işiniň hem halkymyzyň ruhy baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň, onuň dürli ugurlarynyň gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň zehinleriniň has-da artmagy üçin ýene-de bir itergi berjekdigi gürrüňsizdir.