Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
31 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2020-nji ýylyň 30-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi aýratyn ara alnyp maslahataşyldy.