Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi
1 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

2020-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy. Bu ýokary okuw mekdebiň ak mermere beslenen özboluşly binalar toplumy Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky desgalar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Institutyň merkezi girelgesinde içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallary synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamynyň bedenini taplaýandygy, onuň ruhubelentlik, iş başarjaňlyk, çydamlylyk derejesini ýokarlandyrýandygy, özüňe erk etmegi we kesellere garşy bedeniň durnuklylygyny pugtalandyrýandygy hemmelere mälimdir.

Soňra Döwlet Baştutanymyz “Galkan” gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlary türgenleşýärler. Merkezde milli, şeýle hem halkara derejelerinde ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilipdir.     

Hokkeýçiler hormatly Prezidentimizi mähirli garşyladylar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlar bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.

Ok atmagy tamamlap, milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministri M.Çakyýewe gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip, bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini habar berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleri sowgat berdi. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institut bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmelere öňde durýan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.