Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler girizildi
2 Apr
Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanuny kabul etdi. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan «Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça işiň» aýrylmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

Bu üýtgetmelere laýyklykda, ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýan işiň aşakdaky görnüşleri, ýagny paçsyz söwda dükanynyň, gümrük ammarynyň, wagtlaýyn saklanylýan ammaryň hem-de gümrük dellalynyň telekeçilik maksady bilen amala aşyrýan işi ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriň sanawyndan aýryldy.

Şeýle hem, kodeksiniň 5-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 28-nji bendinde beýan edilen «Ulag serişdeleri» diýen düşünjä konteýner hem girizildi. Mundan öň «konteýner» düşünjesi «köp dolanyşykly gaplar» manysynda ulanylýardy.  

Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girdi.