Gümrük habarlary

«Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda, sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji Kararyny güýjüni ýitiren
2 Apr
«Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda, sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji Kararyny güýjüni ýitiren

2020-nji ýylyň 26-njy martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda, sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji Kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Karara gol çekdi.

Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sertifikatlaşdyrma döwletleriň arasynda söwda, önümçilik gatnaşyklary, şeýle hem hil ölçegleri babatda hyzmatdaşlyk bilen bagly esasy meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Halkara işewürlik gurşawynda häzirki ýagdaýlar oňa gatnaşyjylaryň hojalyk-ykdysady işiniň gurallaryny döwrüň zerurlyklaryna kybap getirilmegini talap edýär.