Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 Apr
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi, diýip TDH habar berýär.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň hem başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň degişli kanunlarynyň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda döwrebap usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda oňyn tejribäni, umumylykda kabul edilen kadalary has-da işjeň ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasynda duran parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini aýtdy.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.