Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
4 Apr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, diýip TDH habar berýär.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlendi. Bu wezipeler bizden ýokary depginler bilen köp işleri amala aşyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin biz yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi biziň yhlasly zähmetimize bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýdylanlary jemledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.