Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň gurluşyk desgalaryndaky işler bilen tanyşdy
10 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň gurluşyk desgalaryndaky işler bilen tanyşdy

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy bar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi.

Häzirki wagtda desgalaryň gurluşygy bu ulgamda iň täze gazanylanlaryň esasynda döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly ýokary depginler bilen amala aşyrylýar.

Bu ýerde toplumyň içiniň gurluşy, bezelişi we mebeller bilen enjamlaşdyrylyşy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar görkezildi. «Buig» fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyzy, esasan, binanyň bezelişine degişli çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumy häzirki zaman tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde netijeli işlemek hem-de köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin şertleri döretmek baradaky meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumyna tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilen bezeg ulgamyna degişli taslamalaryň we çyzgylaryň her biri bilen giňişleýin tanşyp, potratça gurluşygyň iň ýokary ölçeglerini we hemme işleriň hilini, toplumyň desgalarynyň öz wagtynda ulanmaga berilmegini, olaryň reňk öwüşginleriniň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Maslahatlar merkeziniň iri göwrümli binasy 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýar. Onuň beýikligi 38,65 metre, ini 190 metre deňdir. Bina 93,7 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Toplumyň düzümine girýän üç desganyň ählisi umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy kemala getirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň düzümine girýän Kabul ediş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen hem tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde hem ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil aýratynlygyna hem-de milli bezeg öwüşginleriniň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe tekliplerini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz toplumyň çäklerindäki ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny dowam edip, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda bina edilýän «Arkadag» diýen kaşaň myhmanhana bardy. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna myhmanhana toplumynyň bezeg aýratynlyklaryny hem-de onuň yşyklandyrylyşynyň ýagdaýlaryny beýan edýän taslamalar we çyzgylar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, myhmanhananyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň desgalarynyň, onuň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, bu ýerde milli bezeg usullarynyň we beýleki özboluşly serişdeleriň ulanylmalydygyny aýtdy. Şunlukda, myhmanhana toplumynda üpjün edilýän şertler şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara bolşy ýaly, türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik ýörelgelerine doly laýyk gelmelidir.

Täze myhmanhananyň özüniň binagärlik aýratynlygy bilen myhmanlarda oňyn täsir galdyrmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada alnyp barylýan gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze Hökümet münberiniň ýerleşen ýerine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metrden ybarat bolan täze desgany gözden geçirip, bu ýerde giň gerimli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Bu bolsa baýramçylyk çärelerini iň ýokary derejede guramak üçin hemme şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny şertlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerden paýtagtymyza giň gözýetim açylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyny dowam edip, şäheri bagy-bossanlyga büremek hem-de onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça taslamalara garap, olar babatda birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Aşgabatda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, şoňa görä-de, ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýän taslamalara uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologiýa gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalaryň Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmaga we onuň arassalygyny saklamaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etmek bilen bu ýerden ugrady.