Habarlar

BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar
10 Apr
BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin hem-de halkara gün tertibine degişlilikde pikirleri alyşdylar. Hususan-da, ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri, maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaly meselelere seredilip geçildi, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ilatyň saglygyny we maddy-hal ýagdaýyny gorap saklamak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýandyr.