Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Samminitine gatnaşdy
11 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Samminitine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýer-ministri, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň Baş sekretary we BSG-nyň Baş direktory hem gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamynda köpugurly hyzmatdaşlyk hem-de umumy wehimleriň çözgüdini bilelikde tapmak bilen bir hatarda koronawirus pandemiýasynyň garşysyna milli hem-de dünýä derejesinde alnyp barylýan giň gerimli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çäräniň dowamynda şeýle-de bu ýagdaýyň dünýä ykdysadyýetine ýetirip biljek ýaramaz täsirini ýeňip geçmegiň ýollaryna hem seredilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu wehime garşy üstünlikli göreş alyp barmak üçin utgaşdyrylan hereketleriň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyny belläp geçdi, şeýle-de häzirki şertlerde türki dilli halklaryň özleriniň ýokary adamkärçilik, özara goldaw bermek we raýdaşlyk ýaly iň gowy häsiýetlerini ýüze çykarmalydyklaryny mälim etdi. Prezident şeýle hem halkara bileleşiginiň jogapkär gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, ilkinji nobatda bolsa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýandygyny aýratyn belläp geçdi.   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öz wagtynda berjaý edilen çäreleriň netijesinde Türkmenistandaky sanitar-epidemiologiki ýagdaýlar durnukly bolup durýar hem-de yzygiderli gözegçilikde saklanýar we  şunuň bilen birlikde hem bu ugurdaky gaýragoýulmasyz işler mundan beýläk-de gyşarnyksyz dowam etdiriler diýip, Milli Lidermiz sammite gatnaşyjylary ynandyrdy.