Habarlar

Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary
3 Few
Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji prezidenti jenap Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmekde möhüm orun berilýän milli parlamentiň işleriniň wajyp ugurlary duşuşygyň mowzuklarynyň biri boldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň ýakynlaşmak bilen, demokratik edaralaryň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegine, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine ilkinji derejeli üns berýär.

Wekiliýetiň baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň düzümi we orny bilen tanyşdyryp, iki dostlukly ýurduň parlamentarileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şu babatda, taraplaryň ikisi üçin hem gyzyklanma döredýän kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, has ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma beýan edildi.